Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň taslama býujeti Ýewraziýa berilýän kömekleri azaldýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama duşenbe güni halky 2013-nji maliýe ýyly üçin göz öňünde tutulan 3,8 trillion dollarlyk býujet teklibi bilen tanyşdyrdy. Esasan iş orunlaryny ösdürmäge gönükdirilýän bu plan “kynçylykly çäklendirmeleri”, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Ýewraziýa regionyna berýän kömekleriniň azaldylmagyny-da öz içine alýar.

Ýöne Waşingtonda her bir partiýa öz bähbidine ýykgyn edip, saýlaw ýylyna aýak basylýan häzirki wagtda Kongresiň garamagyna berilýän bu býujetiň kabul edilip, kanuna öwrülme mümkinçiligi ol diýen ýokary däl.

Waşingtonyň golaýynda kampaniýa usulynda geçen bir üýşmeleňde Obama öz planynyň ýurduň gowşak ykdysadyýetiniň dogry ýoldan gitmegini üpjün etjekdigini aýtdy:

Obama 2013-nji ýylyň býujeti barada studentleriň öňünde çykyş edýär, Annandeýl, 13-nji fewral.

Obama 2013-nji ýylyň býujeti barada studentleriň öňünde çykyş edýär, Annandeýl, 13-nji fewral.

—Bu býujetdäki esasy maksat şu: ykdysadyýetimiz ösüp, çalt ädimler bilen iş orunlary döräp gelýän wagtynda biz bu dikeldişi şu ugurda saklamak üçin elimizden gelen ähli zady etmeli. Etmeli işimiziň biri býujet defisitini azaltmak. Kongres bu plany kabul etse, onda çykdajylarda ozal edilen çäklendirmeler bilen birlikde defisiti 2022-nji ýyla çenli 4 trillon dollar aşaklatmagy başararys.

Göz öňünde tutulýan bu süýşürintgiler baý amerikanlardan alynýan salgyt artdyrylyp, dürli hökümet gulluklarynyň býujetini azaltmakdan gelmeli.

Döwlet departmenti bilen Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş baradaky gullugynyň býujetinde 1,6 prosent artyş bolup, 2013-nji ýyl üçin bularyň maliýe mümkinçiligi 51,6 milliard dollara barar. Ýöne beýleki ugurlar üçin göz öňünde tutulýan tygşytlylygyň olara-da agyr degjekdigine şübhe ýok.

Mysal üçin, Ýewropa we Ýewraziýa berilýän kömek 18 prosent kemeldiler. Döwlet deparmentiniň aýtmagyna görä, bu ençeme ýurtda bazara esaslanýan demokratiýa üstünlikli geçilendigini görkezýär.

Obama, belli bir gullugy agzaman, özüniň tygşytlylyk üçin teklip eden käbir ugurlarynyň bu iş üçin amatly ugurlar däldigini boýun aldy:

—Men käbir kynçylykly çäklendirmeleri hem teklip etdim. Ak ýürekden aýdýaryn, gaty zerur bolmasa, bu işi etmezdim. Ýöne bu zerur. Hakykat şu: biz bu ýurdy has durnukly maliýe ýoluna salmak üçin käbir kyn zatlary saýlap tutmaly bolýarys.

Teklip edilen täze býujetde Ukraina graždanlyk kömegi üçin 54 million dollar gider. Bu Obamanyň 2012-nji ýylky býujetinde haýyş edeninden 25 million dollar az bolsa-da, Ýewraziýa regiony üçin niýetlenen iň ýokary kömekdir.

Gürjüstan takmynan 43 million dollar harby däl kömegi alar. Ak Tamyň öten ýylky teklibinde bolsa bu hem mundan 25 million ýokarydy.

Alýan kömegi 3-nji orunda durýan – Kosowo. 4-nji orunda hem 36,2 million dollary alýan Orsýet durýar. Bu pullar onuň gabaw astyndaky graždan jemgyýetini, şeýle hem beýleki maksatlar bilen birlikde Demirgazyk Kawkazdaky konflikti ýatyrmak baradaky programmalary goldamak üçin ulanylar.

Özbegistan harby kömek üçin Döwlet departmentinden 150 müň dollar alar. Bu öten ýylkydan 50 prosent ýokary. Daşkent üpjünçilik ýoly bolmak bilen Amerikanyň Owganystanda alyp barýan tagallalaryna saldamly goşant goşdy.

Planda Yrakdaky, Owganystandaky uruşlaryň soňlanmagy bilen geljek ýyl 800 milliard dollardan agdyk puluň tygşytlanjakdygyna salgylanylýar.

Obama planda “Arap baharyndan” soň Orta Gündogardaky reformalar üçin hem 800 million dollaryň taýyn durmagyny teklip edýär.
XS
SM
MD
LG