Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kuweýtde jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan


13-nji fewraldan Kuweýtde jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi.

Indi bu ýurtda uçar meýdanlarynda, okuw jaýlarynda, kafelerde, restoranlarda, myhmanhanalarda we söwda merkezlerinde çilim çekmek gadagan.

Hökümetiň görkezmesi boýunça edaralar çilim çekmek üçin ýörite ýerler bilen üpjün edilmeli.

“Frans pres” agentliginiň maglumatyna görä, Kuweýtde giňden ýaýran suw kädisini hem jemgyýetçilik ýerlerinde çekmek hem gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG