Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Günbatarda giňden bellenýän söýgi baýramçylygy bolan Keramatly Walentin güni soňky 20 ýylyň dowamynda global derejede bellenýän baýramçylyga öwrüldi.


Kommunistik režimiň dargamagy we täze habar beriş serişdeleriniň, şol sanda internetiň döremegi bilen 14-nji fewral dünýä derejesinde bellenýän resmi bolmadyk romantik senä öwrüldi. Käbir ýurtlarda bu baýramçylyk açyk bellenýän bolsa, beýlekilerde gadagan edilýär ýa-da onuň ýerine milli baýramçylyklar döredilýär. Keramatly Walentin gününiň bellenmegine garşy çäreler bu senäni ýyllar boýy belläp gelýän käbir Günbatar ýurtlarynda hem geçirilýär.

Pakistanyň Karaçi şäherinde, 14-nji fewral.

Pakistanyň Karaçi şäherinde, 14-nji fewral.

Ýüregi şekillendirýän gyzyl reňkli gutulara gaplanan ýürek görnüşli süýjüler, gyzyl ýürekler we Kupidon söýgi perişdeleri bilen bezelen gutlag hatlary, şeýle-de dodak formasyndaky ýassyklar hem aýallaryň sünnälenip tikilen, nepisden-näzik içki geýimleri Keramatly Walentin güni alyjylar tarapyndan iň köp satyn alynýan harytlar bolup durýar. Dükanlaryň şeýle harytly aýnalary, reklamalar we telewizion programmalar bu senäniň golaýlandygyny ýatladýar.

Hristian dininden ugur alyp, günbatar ýurtlarynda bellenip başlanan Keramatly Walentin gününi bellemek adaty we bu baýramçylyga mahsus simwollar şu günki gün tutuş dünýä ýaýrady.

Şu günki gün bu baýramçylyk prawoslaw hristian dinli Gündogar Ýewropa ýurtlarynda, Yrak ýaly musulman ilatly ýurtlarda, şeýle-de Hindistanda hem ornaşdy.

Keramatly Zahretdin güni

Emma Eýran, Indoneziýa we Özbegistan ýaly ýurtlar bu senäniň bellenmegini çäklendirmek we hatda gadagan etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

Milli däp-dessurlaryna ters gelýän baýramçylyklaryň bellenmegini gadagan edýän Özbegistanda söýgi temasy gadagan däl. Emma ýurduň ýaşaýjylary 14-nji fewralda Keramatly Walentin gününe derek Keramatly Zahretdin gününi bellemäge ündelýär. 14-nji fewral meşhur özbek şahyry we syýasatçysy Zahretdin Muhammad Boburyň doglan güni bolup durýar.

Tamerlanyň neslinden gelip çykan, bir wagtlar Fergana jülgesini dolandyran we Kabulda jaýlanan Zahretdiniň şahsyýeti şu günki gün Özbegistanda giňden mahabatlandyrylýar. Onuň doglan gününiň 529-njy ýyl dönümi şu ýyl onuň söýgi baradaky goşgularynyň okalmagy bilen bellenýär.

Sud işiniň gozgaljagy duýduryldy

Eýran Keramatly Walentin gününiň bellenmegine berk garşy çykyş edýän ýurtlaryň biri.

Eýranyň häkimiýetleri bu baýramçylygyň Eýranyň ýaşlarynyň arasyndaky meşhurlygynyň güýçlenmeginiň öňüni almak üçin geçen ýyl söýgi gününe mahsus ähli simwollary gadagan etdiler. Gadagançylygy bozanlara garşy sud işiniň gozgaljagy duýduryldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Mania Mansuryň sözlerine görä, Keramatly Walentin gününiň meşhurlygy soňky 20 ýylyň dowamynda Eýranda örän ýokarlanypdyr, ilkinji nobatda-da ýurduň ýaş nesliniň arasynda.

Anti-Walentinizm näme?

Emma Günbatarda hem Keramatly Walentin gününiň giňden bellenmegine garşy çykyş edýänler bar.

Bu senä garşy çykyş edýän aktiwistler baýramçylygyň bellenmegi arkaly söýgini wasp etmek maksadynyň däl-de, has köp haryt satmak maksadynyň göz öňünde tutulýanlygyny aýdýarlar.

Anti-Walentinizm adyna eýe bolan şeýle hereketlerde protest ýörişlerinden başlap, konsertleri geçirmek we ýaňsylaýjy mazmunly gutlag hatlaryny ýaýratmak ýaly çäreler amala aşyrylýar.

Yrakda has giňden bellenýär

Şu ýyl Keramatly Walentin güni Yrakda ozalkysyndan has giň derejede bellenýär. Gül we sowgat satýan dükanyň eýesi Tagrit Ýaser Bagdadyň köçelerinde baýramçylygyň duýulýandygyny gürrüň berdi.

Şaýylaryň köpçüligindäki Yrak, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, musulman döwletleriniň tejribesine eýerýän ýurda meňzeýär. Bu ýurtlarda Keramatly Walentiniň adyny göterýän baýramçylygy bellemek gadagan edilmeýär, tersine, şeýle baýramçylyklaryň getirýän uly girdeýjileri örän makullanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG