Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan-Dagystan serhedinde üç polisiýa işgäri öldürildi


Çeçenistan-Dagystan serhedinde yslamçylardyr öýdülýän söweşijiler bilen dörän çaknyşykda üç polisiýa işgäri öldi we altysy ýaralandy.

“Interfaks” habar agentliginiň ýerli hukuk goraýjy işgärleriniň birine salgylanyp berýän maglumatyna görä, çaknyşyk duşenbe güni tokaýda söweşijileriň bir toparynyň üsti açylansoň başlapdyr.

Demirgazyk Kawkaz regionynda ençeme yslamçy we söweşijiler toparlarynyň hereket edýändigi aýdylýar. Olar köplenç ors harby güýçleri bilen çaknyşyga girýärler.
XS
SM
MD
LG