Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan gazaklaryň radioktiw kömürini yzyna ugradýar


Almata regiony, Gazagystan.

Almata regiony, Gazagystan.

Gyrgyzystan Gazagystandan gelen radioktiw kömüriň birinji tapgyryny yzyna ugratdy.

Gyrgyzystanyň Elektrostansiýalar aksioner bileleşiginiň metbugat wekili Azim Azimowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, radioaktiw kömür dolulygyna 28-nji fewrala çenli yzyna – Gazagystana ugradylar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Gyrgyzystana 9 müň tonna töweregi radioktiw kömür Gazagystandan getirilipdi.

Gyrgyz resmileri geçen hepde kömüriň ýurda girmegine rugsat beren ýedi adamyň tussag edilendigini mälim edipdi.

Gazak resmileri kömüri yzyna almaga, şeýle-de transport we ammar harajatlaryny tölemäge razylaşdy.
XS
SM
MD
LG