Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň ilçihanalarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi


Ysraýylda we ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Bu barada Ysraýylyň polisiýasy habar berýär.

Mundan öň, Ysraýylyň Hindistandaky we Gürjüstandaky diplomatik missiýalaryna garşy bomba hüjümleri gurnalypdy. Hindistandaky bomba hüjüminde ysraýylly diplomatyň aýaly ýaralandy.

Ysraýylyň polisiýasynyň metbugat wekili Miki Rozenfeldiň aýtmagyna görä, jemgyýetçilik ýerlerinde, daşary ýurt ilçihanalarynda we Ben-Gurion halkara aeroportunda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilipdir.

Bu aralykda, Hindistanyň we Gürjüstanyň resmileri Ysraýylyň ilçihanalaryna garşy gurnalan bombaly hüjümleriň gurnaýjylaryny ele salmagy wada berýär.

Ysraýyl bu hüjümleri gurnamakda Eýrany we Liwanyň “Hizbullah” toparyny aýyplaýar. Eýran özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG