Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa goşunlary Homsa hüjümi dowam etdirýärler


Siriýanyň goşunlarynyň Homs we ýurduň beýleki şäherlerine hüjümleri dowam etdirýändikleri habar berilýär.

Gowuşýan maglumatlara görä, prezident Başar al-Assada ygrarly güýçler Homs şäherinde ýerleşen gozgalaňçylaryň berkitmelerine garşy hüjümleri ýaýbaňlandyrypdyrlar.

Hökümet goşunlary gozgalaňçylaryň eýelän raýonlaryny yzyna almak ugrunda bir hepde töweregi wagt bäri operasiýa geçirýärler. Hüjümleriň dowamynda ýüzlerçe adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG