Sepleriň elýeterliligi

Siriýada howpsuzlyk güýçleri 19 adamy öldürdi


Siriýanyň Homs şäherinde, 15-nji fewral.

Siriýanyň Homs şäherinde, 15-nji fewral.

Siriýaly aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, 14-nji fewralda ýurtda azyndan 19 adam öldürilipdir.

Londondan Siriýadaky adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň habaryna laýyklykda, olaryň aglabasy asuda ýaşaýjylar.

Prezident Başar al-Assadyň tarapdary bolan güýçler Homsa 10 gün bäri hüjüm edýärler. Olar şäheriň gozgalaňçy güýçleriň gözegçiligindäki böleklerini yzyna almaga çalyşýarlar.

Hökümet güýçleriniň 14-nji fewralda Hama şäherine hem hüjüm edendigi aýdylýar.

Başar al-Assadyň režimi 13-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça edarasynyň başlygy Newi Pilleýiň Siriýa häkimiýetleriniň adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrýandygy baradaky aýyplamalaryny çürt-kesik ret edýär.

Prezident Assadyň güýçleriniň 2011-nji ýylyň martyndan Siriýadaky protestçileri rehimsiz basyp ýatyryp başlaly bäri 6 müňden gowrak adamy öldürendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG