Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabat NATO-nyň Owganystana azyk daşamagyna rugsat berýär


NATO-nyň nebit tankerleri port şäheri Karaçide, 2011-nji ýylyň 18-nji dekabry.
NATO-nyň nebit tankerleri port şäheri Karaçide, 2011-nji ýylyň 18-nji dekabry.
Pakistanyň goranmak ministri Ahmed Muhtar NATO-nyň Owganystandaky harbylary üçin azyk önümlerini daşamagyna öz ýurdunyň hökümetiniň täzeden wagtlaýynça rugsat edendigini tassyklady.

Emma Ahmed Muhtar şeýle karara haçan gelnendigini anyk aýtmady. Onuň sözlerine görä, häzir NATO Owganystana diňe “tiz zaýalanjak” azyk önümlerini daşap bilýär.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň Pakistandaky ilçisi Kameron Munteriň aýtmagyna görä, Owganystandaky koalisiýanyň ýük ulaglary we nebit tankerleri üçin Yslamabadyň öz serhetlerini ýapandygyna garamazdan, NATO howa ýollary arkaly Owganystana ýük daşaýar.

Yslamabat şeýle karara geçen ýylyň noýabrynda amerikan uçarlarynyň hüjümlerinde ýalňyşlyk bilen 24 sany pakistanly esger öldürilenden soň gelipdi.
XS
SM
MD
LG