Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler ofiseriň ölüminiň derňelmegini soraýar


Aýbek Eşbaýew

Aýbek Eşbaýew

14-nji fewralda Gyrgyzystanyň günortasynda 200 çemesi protestçi “Oş-Batken” gara ýoluny petikledi.

Protestçiler ýerli polisiýa işgäriniň wagtlaýyn tussaghanada ölmeginiň sebäpleri barada derňew geçirilmegini talap etdiler.

46 ýaşly polisiýa işgäri Aýbek Eşbaýew ýakynda ýurduň Milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan tussag edilipdi. Ol talaňçylykda aýyplandy.

Eşbaýew 13-nji fewralda kamerasynda özüni asan ýagdaýda tapyldy.

Eşbaýewiň garyndaşlarynyň we dostlarynyň aýtmaklaryna görä, olar Aýbegiň özüni asandygyna ynanmaýarlar. Olar Eşbaýewiň ölümi barada açyk-aýdyň derňew geçirmegi talap edýärler.
XS
SM
MD
LG