Sepleriň elýeterliligi

TI Berdimuhamedowyň 97% ýeňşine şübheli garaýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda resmi taýdan ýeňiş gazanyp, ikinji möhlete prezidentlige saýlandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda resmi taýdan ýeňiş gazanyp, ikinji möhlete prezidentlige saýlandy.

Düýbi Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň 14-nji fewralda ýaýradan maglumatynda “Daşoguz welaýatynyň serhetýaka regionyndaky obalaryň ýaşaýjylary özlerini öýsüz galdyran adamyň ýene 5 ýyllap ýurda ýolbaşçylyk etmegini islemeýärler” diýilýär.

Maglumatda bu ýerlerde 250 maşgalanyň öýsüz galandygy bellenilýär. Daşoguzyň Garabaý daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy özlerine hatda goşlaryny çykarmaga hem maý berilmändigini “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň wekiline gürrüň beripdir. Fewral aýynda bu regiona aralaşan aşa aýazly howa 2011-nji ýylyň tomsunda öýleri ýykylan adamlaryň ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyrdy diýlip, bu maglumatda bellenilýär.

Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy bu mesele bilen bagly Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, siziň ýaýradan maglumatyňyzda Daşoguz welaýatynda öýleri ýykylan adamlaryň Berdimuhamedowa ses bermänlikleri aýdylýar. Bu maglumaty näçe adam bilen gürrüňdeşlik esasynda çap etdiňiz?

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin: Bu maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanan meniň kärdeşlerim 15-e golaý adam bilen duşuşyp, gürrüňdeş boldular. Olaryň arasynda öýleri ýykylan adamlar bar, şol wakalara gözli şaýat bolanlar hem bar. Biz bilen söhbetdeş bolanlar takyk sany aýdyp bilmeseler hem saýlawlarda Berdimuhamedowa ses bermedik adamlaryň sanynyň köpdügini gürrüň berdiler. Olar öz obadaşlarynyň, tanyşlarynyň arasynda beýleki dalaşgärlere, hususanda öz regionynyň wekiline ses berenleriň köpdügini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Öýleri ýykylan adamlar häkimiýetlerden öz çeken zyýanynyň öwezini doldurmagy talap etdilermi?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, merkezden daşda ýerleşýän oba ýerlerinde kanunlar hatda teoriýa taýdan hem berjaý edilmeýär. Mysal üçin, şäherlerde ýykylan jaýlaryň ornuna näme-de bolsa bir zat berilýär ýa-da bolmasa raýatlar şikaýat edip bilýärler.

Daşoguzda hem Lebapda bolsa oba ýaşaýjylary bu zatlary bilmeýärler. Olaryň köpüsi biri-biri bilen garyndaş. Aşgabatdan görkezme gelse, olar diňe öz arçynyna şikaýat edäýmese, olaryň başga ýüzlenere-de ýeri ýok. Arçyn belli bir meseläni gozgasa, özüni howp astyna salýar. Şonuň üçin adamlar diňe öz aralarynda ýagdaýdan nagileligini bildirýärler.

Azatlyk Radiosy: Resmi Aşgabat prezidentiň 97%-den gowrak ses alandygyny aýdýar. Muňa nähili garaýarsyňyz?

Ýedi kandidata sesleriň üçdenem az prosentini almak başardypdyr. Saýlawlary galplaşdyrýanlar beýleki kandidatlara biraz gowrak hormat goýsalar hem bolardy. Prezident bolmak üçin sesleriň 70-80%-i hem ýeterlik.

Farid Tuhbatullin: Bu, elbetde, gaty ulaldylyp görkezilen san. Men öz kärdeşlerim bilen duşuşyp, gürrüňdeş boldum. Biz başgaça bolar diýip pikir hem etmedik. Ýöne, ýadyňyzda bolsa, geçen gezekki saýlawlarda Berdimuhamedow 90%-den az ses alypdy. Şonda Berdimuhamedowdan başga ýene 5 kandidat saýlawlara gatnaşypdy. Ýagny, resmileriň beren maglumatlaryna görä, beýleki kandidatlaryň her haýsysy 2%-e golaý ses alypdy. Bu gezek bolsa, ýene resmileriň maglumatlaryna görä, ýedi kandidata sesleriň üçdenem az prosentini almak başardypdyr. Saýlawlary galplaşdyrýanlar beýleki kandidatlara biraz gowrak hormat goýsalar hem bolardy. Prezident bolmak üçin sesleriň 70-80%-i hem ýeterlik. Ýöne bu san ilatyň belli bir böleginiň prezidentiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýandygyny subut ederdi. Hut şol sebäpli hem Berdimuhamedowyň sesleriň 97%-den gowragyny alandygy aýdyldy diýip çak edýärin.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlarda Berdimuhamedowyň sesleriň 97%-den gowragyny alyp ýeňendigi baradaky maglumaty galp diýip atlandyrmagyňyzy düşündirip bilersiňizmi?

Prezidentiň wezipesine girişmegine bäş ýylyň geçendigine garamazdan, göze ilýän öňegidişlikler bolmady. Öýleri ýykylyp, ýerine ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmedik adamlaryň sany köpeldi.

Farid Tuhbatulin: Meniň kärdeşlerim 2007-nji ýylda geçirilen saýlawlara hem syn edipdiler. Şonda hakykatdan hem köp adam saýlawlara gatnaşdy. Adamlarda Nyýazowdan soň diňe gowulygyň boljakdygyna umyt bardy. Şeýle umydyň peýda bolmagyna Berdimuhamedowyň reformalaryň zerurdygy barada eden çykyşlary hem esas döredipdi. Şonda ilatyň aglabasy Berdimuhamedowa ses beripdi. Bu saýlawlarda bolsa, prezidentiň wezipesine girişmegine bäş ýylyň geçendigine garamazdan, göze ilýän öňegidişlikler bolmady. Öýleri ýykylyp, ýerine ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmedik adamlaryň sany köpeldi.

Şeýle hem geçen bäş ýylyň dowamynda käbir okuw jaýlarynyň ýapylmagy, okuwa barýan ýaşlaryň ýurtdan çykarylmandygy bilen bagly wakalar hem beýleki, hatda Nyýazowyň döwründe hem edilmedik negatiw zatlar ýüze çykdy. Şonuň üçin şu gezekki saýlawlarda prezident 2007-nji ýyldaky saýlawlardan has köp ses aldy diýmek hakykata gabat gelmeýär. Halk arasynda nägilelik artýar. Bu nägilelik entek daşyna çykarylmasa-da, häkimiýetler bu zatlary göz öňünde tutsalar gowy bolardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG