Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedowyň adyna gutlaglar gelip gowuşýar


Türkmenistanyň mediasy käbir goňşy ýurtlaryň liderlerinden prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlaglaryň gelip gowuşýandygyny habar berýär.

Sişenbe güni Türkmenistanyň resmi mediasy Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlandygyny habar beripdi.

Çarşenbe güni şular ýaly gutlaglaryň Belarusyň, Täjigistanyň we Azerbaýjanyň prezidentlerinden hem gelip gowşandygy habar berilýär.

Ýöne Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanandygynyň yglan edilenine iki günden gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, onuň adyna Günbataryň demokratik ýurtlaryndan nähilidir bir gutlaglaryň gelendigi barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG