Sepleriň elýeterliligi

Gondurasyň türmesinde ýüze çykan ýangynda 272 adam heläk boldy


Gondurasyň häkimiýetleri sişenbe güni giçlik ýurduň Komaýagua şäherindäki türmede ýüz beren ýangynda azyndan 272 adamyň ölendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu ýangynda käbir tussaglara türmäniň üçegini we penjirelerini döwüp çykyp, aman galmak başardypdyr.

Türmede dörän bu ýangyna elektrik togunyň ýa-da tussaglaryň özleriniň bilkastlaýyn ot ýakmaklarynyň säbäp bolan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG