Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde polisiýa işgärleri MHK-niň öňünde protest geçirdi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde polisiýa işgärleriniň 100-e golaýy ýurduň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň binasynyň öňünde piket geçirdi.

Polisiýa işgärleri öz kärdeşlerinden biriniň Howpsuzlyk Komitetiniň izolýatorynda sorag edişlik wagtynda ölmegi bilen baglanyşykly waka boýunça düýpli derňew işleriniň geçirilmegini talap etdiler.

Şu fewral aýynyň başynda 46 ýaşly polisiýa işgäri Aýbek Eşbaýew para almakda we adamlary pul tölemäge mejbur etmekde aýyplanyp, howpsuzlyk işgäleri tarapyndan tussag edilipdi. Şu hepdäniň duşenbe güni bolsa, tussag izolýatorynda onuň özüni asyp öldürendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG