Sepleriň elýeterliligi

Netenýahu Eýranyň agressiýasynyň öňi alynmaly diýýär


Çarşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu ýakynda Ysraýylyň diplomatlaryna garşy amala aşyrylan hüjümleri “Eýranyň terrorçylykly işlerini tutuş dünýä açyp görkezýän waka” diýip häsiýetlendirdi.

Ysraýylyň parlamentinde bu barada eden çykyşynda Benýamin Netenýahu bu işlerde Eýrany aýyplap, “Eýranyň agressiýasy beýleki ýurtlara ýaýrmanka, onuň öňi alynmalydyr” diýip, nygtady.

Şu hepdäniň duşenbe güni Nýu-Delide we Tbiliside, hepdäniň sişenbe güni bolsa Taýlandda Ysraýylyň diplomatik işgärleri nyşana alnyp, birnäçe partlama amala aşyryldy. Partlamalarda diňe birnäçe adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Eýran bu parlamalarda öz eliniň ýokdugyny aýdyp, bu işlerde Ysraýylyň özüni aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG