Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň saýtynyň galp girişi ýasaldy


Sişenbe güni Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bu gullugyň internet saýtynyň kopiýasynyň başga bir internet neşirçileri tarapyndan bikanun ulanylandygyny habar berdi. Şol wakanyň yzy bilenem, bikanun ulanylan ol saýt çarşenbe güni petiklendi.

Ozod.orsa.uz ady bilen açylan bu galp saýt Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň hakyky internet saýtyndaky maglumatlara-da girmäge ýol berýärdi. Ýöne şol maglumatlara girmek üçin okyjylar öz atlaryny we e-mail adreslerini bermeli edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň adyndan şeýle galp saýtyň ulanylmagyny käbir synçylar Özbegistanyň gizlin gulluklarynyň bu saýt bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan raýatlaryň şahsyýetini anyklamak üçin ulanan pirimleri bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG