Sepleriň elýeterliligi

Pakistan, Eýran we Owganystan terrorizme garşy göreşi maslahatlaşýar


Yslamabadyň köçesinde, 15-nji fewral.

Yslamabadyň köçesinde, 15-nji fewral.

Penşenbe güni Yslamabatda Eýranyň, Owganystanyň we Pakistanyň prezidentleri duşuşýarlar.

Mahmud Ahmedinejadyň, Hamid Karzaýyň we Asif Ali Zardariniň arasynda geçiriljek iki günlük sammitde terrorizme we neşä garşy göreş we adam gaçakçylygy barada gürrüň ediler.

Şol bir wagtyň özünde, žurnalistleriň pikiriçe, Eýranyň we Günbataryň arasynda barha ösýän dartgynlylyk sebäpli bu sammitiň möhüm bolmazlygy mümkin. Günbataryň sanksiýalary bu ýurduň ýadro programmasyny togtadyp bilmändi.

Ysraýyl şu hepde Hindistandaky, Gürjüstandaky we Tailanddaky ysraýylly diplomatlara edilen hüjümlerde Eýrany aýyplady. Tähran muny derrew inkär etdi.

Eýranyň arap dilindäki “Al Alam” telewideniýesiniň maglumatyna görä, Tähran Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýuinça baş wekili Ketrin Eştona hat gowşuryp, ýadro programmasy barada “konstruktiw”gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG