Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Kabul bilen Waşingtonyň “Talyban” bilen habarlaşandygyny aýdýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa salgylanylyp berlen habara görä, amerikan we owgan hökümetleri bilen “Talybanyň” arasynda ýaşyryn habarlaşma bolupdyr.

“Wall Street Journal” neşiriniň Karzaýa salgylanyp ýazmagyna görä, “Talyban” Owganystanda 10 ýyllyk urşuň tamamlanmagyny “gürrüňsiz” isleýär we taraplaryň üçüsi hem gepleşiklere goşulypdyr.

Mundan öň, “Talybanyň” owgan hökümetiniň agzalary bilen gepleşiklerden ýüz öwrendigi aýdylypdy.

“Wall Street Journal” neşiriniň ýazmagyna görä, Karzaý gepleşikleriň geçirilen ýerini anyk aýtmakdan, olar barada jikme-jik gürrüň bermekden saklanypdyr. Karzaý munuň prosese zeper ýetirmeginiň mümkindiginden howatyrlanýar.
XS
SM
MD
LG