Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ýewropada sowukdan ölenleriň sany 500-den geçdi


Gündogar Ýewropada güýçli garyň ýagmagy we howanyň juda sowamagy netijesinde 500-den gowrak adam öldi.

Ors häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, ýanwaryň ahyrynda howanyň sowap başlamagy bilen 205 adam ölüpdir. Ukrainada bolsa 112 adam ölüpdir.

Polşadaky sowukda ölenleriň sany 107 adama ýetdi. Rumyn häkimiýetleri bolsa azyndan 86 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Şu ýylky gazaply gyşda Wengriýada 35, Serbiýada 20 we Kosowada 10 adam öldi.
XS
SM
MD
LG