Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus internetini sarsdyran 50 sekunt


Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden klipde Putin, demir kapasynyň içinde ýüzüni turşudyp oturan ýerinden, sudýanyň soraglaryna jogap berýär.
Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden klipde Putin, demir kapasynyň içinde ýüzüni turşudyp oturan ýerinden, sudýanyň soraglaryna jogap berýär.
“Wladimir Putiniň tussag edilmegi: Sud otagyndan reportaž” diýlip atlandyrylan 50 sekuntlyk klibe “YouTube” saýtynda diňe iki günde iki million çemesi adam tomaşa etdi we bu klip rus websaýtlarydyr bloglarynyň onlarçasynda gaýtadan ýerleşdirildi.

Tomaşaçylar bu klibiň aşagynda 18 müňden gowrak teswir galdyrypdyrlar. Olaryň arasynda klibiň prodýuserini film redaktirlemek ussatlygy üçin Oskar baýragy bilen sylaglamaga çagyrýanlar hem bar.

Orsýet telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň äheňinde, çynaberimsiz edilip ýasalan klipde “öňki” premýer-ministr Wladimir Putin Moskwada bir sud otagyna getirilip, uly mukdardaky korrupsiýada hem ilaty gorkuzmak we hökümete täsir etmek üçin terrorçylyk hereketine goşulmakda aýyplanýar.

Bu aýyplama, görnüşinden, 1999-njy ýylda ýaşaýyş jaý bolgunda bolan partlamalar bilen bagly. Bu partlamalar Putiniň 2000-nji ýylda prezident saýlanmagynyň öňüsyrasynda bolup, Moskwada we beýleki rus şäherlerinde ullakan ruhy sarsgyn döredipdi.



Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden klipde Putin, demir kapasynyň içinde ýüzüni turşudyp oturan ýerinden, sudýanyň soraglaryna jogap berýär:

“Sudýa: “Siziň familiýaňyz, adyňyz we ataňyzyň ady näme?” Putin: “Putin, Wladimir Wladimirowiç.” Sudýa: “Milletiňiz näme?” Putin: “Orsýet Federasiýasynyň raýaty.”

Putiniň klipdäki ses ýazgysy onuň 2010-njy ýylda Orsýetde geçen ilat ýazuwynda aýdan we telewideniýede köpçülige ýetirilen sözlerinden alnypdyr.

Umuman alnanda, bu wideo ýazgy, bir tarapdan, kompýuterde galplaşdyrma mümkinçilikleriniň nähili uludygyny görkezse, ikinji tarapdan, tomaşaçylara rus sudunyň öňki oligarh Mihail Hodorkowskiniň garşysyna geçiren sud seljerişlikleri ýaly uly derejeli sud işlerini ýatlatdy.

Putiniň “sudunda” kazylyk edýän sudýa Wiktor Danilkin Hodorkowskiniň 2010-njy ýylda bolan soňky sud diňlenişiginde başlyklyk ediji sudýa bolupdy.

Häzirlikçe bu wideo ne Putiniň edarasyndan, ne-de prokurotura tarapdan resmi reaksiýa bildirildi.
XS
SM
MD
LG