Sepleriň elýeterliligi

Geljekki 5 ýyllykda Türkmenistana nämeler garaşýar?


Berdimuhamedow "Oguzhan" köşkler toplumynyň açylyş dabarasynda, 18-nji maý, 2011.

Berdimuhamedow "Oguzhan" köşkler toplumynyň açylyş dabarasynda, 18-nji maý, 2011.

“Frans Press” agentligi Türkmenistandaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze prezidentlik möhlete inaugurasiýa dabarasynyň şu hepdäniň anna güni, 17-nji fewralda geçiriljekdigini habar berdi. Türkmenistanyň prezidenti geljekki 5 ýyllykda halka nämeleri wada berýär? Eýsem, geljekki 5 ýyllykda türkmenistanlylar nämelere garaşyp bilerler?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda hökümet maslahatynda eden çykyşyndan çen tutulsa, geljekki 5 ýyllykda ýurtda ykdysady reformalar bilen bir hatarda syýasy reformalar hem geçiriljek:

—Ýurdumyzda köppartiýalylyk ulgamyny, şeýle hem bazar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri dörederis. Biz raýat jemgyýetini yzygiderli pugtalandyrarys. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň netijeli işlemegi we erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli işleri hem geçireris.

Berdimuhamedow halka berýän wadalaryny ýerine ýetirip bilermi diýen sowala Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew köppartiýalyk sistemasyny döretmek we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak üçin zerur bolan kanun binýadynyň döredilendigini aýdýar:

Intelligensiýa halkyň öňündäki jogapkärçiligine düşünen ýagdaýynda ýurtda syýasy reformalar bolmaly derejesinde geçer.

—Köppartiýalyk hakynda kanun kabul edildi, awtorlyk hukuklar hakynda kanun kabul edildi. Meniň eşidişime görä, häzir metbugat baradaky kanunyň üstünde işlenilýär. Intelligensiýa halkyň öňündäki jogapkärçiligine düşünen ýagdaýynda ýurtda syýasy reformalar bolmaly derejesinde geçer.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Balkan, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan bolsa Türkmenistanda entek hakyky syýasy reformalaryň geçirilmegine ýol berilmejegini aýdyp, köppartiýalyk sistemasy döredilen halatynda hem onuň ýasama boljakdygyny aýdýar:

—Häzir köppartiýalylyga ýol berilse-de, täze partiýalar ýurdy dolandyrýan pariýanyň bir bölümi ýaly hereket ederler, ýagny Türkmenistanda hakyky köppartiýaly sistemany döretmek üçin entek şert ýök. Şeýle sistema bolsa häkimiýet başynda uzak wagtlap oturyp, özüni reformaçy edip görkezmäge synanyşýanlaryň arasynda meşhurdyr.

Öňki wadalar

Bäş ýyl mundan ozal, 14-nji fewralda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda prezident Berdimuhamedow halka beren wadalaryny ýerine ýetirdimi diýen sowalymyza professor Ulunýan şeýle jogap berdi:

Ýurdy dolandyrmak usuly Nyýazowyň döwründen düýpden tapawutlanmaýar. Türkmenistanda awtoritar-totalitar režim höküm sürýär.

—Hawa, käbir özgerişler amala aşyryldy. Ýöne olaryň gerimi, prezident söz berip, şol sözünde tapyldy diýerlik däl. Ýurduň sosial-ykdysady ýagdaýyna seretsek, oňa gowy diýip baha berip bolmaz. Jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy meselesinde hem Türkmenistanda entek gaty köp iş edilmeli. Bu ugurda hem gowulanan zat ýok. Prezident Berdimuhamedow 2002-nji ýylda türmä basylan syýasy tussaglar barada maglumat bermedi. Olaryň köpüsiniň öli ýa diridigi-de näbelli. Ýurdy dolandyrmak usuly bolsa Nyýazowyň döwründen düýpden tapawutlanmaýar. Türkmenistanda awtoritar-totalitar režim höküm sürýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bolsa geçen 5 ýyllykda ýurtda köp işleriň amala aşyrylandygyny belleýär:

—Halkyň Berdimuhamedowa bolan ynamy uly, sebäbi ol esasy zatdan, neşe belasyndan halky dyndardy.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kompaniýasynda prezident Berdimuhamedow ýurdy senagat taýdan ösen ýurda öwürmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew geçen 5 ýyllykda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüp, ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny gazanandygyny aýdýar. Ykdysadyýeti düzelen ýurduň syýasy ýagdaýy hem düzeler diýip, ýazyjy ynam bildirýär:

—Araplarda bir söz bar: “Ykdysadyýet atdyr, syýasat oňa goşulan paýtundyr” diýilýär. Şu sözlerden ugur alsak, reformalar hökman geçiriler.

Professor Artýom Ulunýan bolsa geçen asyryň tejribesiniň syýasy taýdan erkin bolmadyk ýurtlarda ykdysady ösüşi gazanmagyň kyndygyny görkezendigini aýdýar. Hut şol sebäpden, Ikinji jahan urşunda ýeňlen ýurtlaryň ykdysady kuwwatlylygy bu uruşda ýeňiş gazanan öňki Sowet Soýuzyndan birnäçe gezek ýokarydy diýip, bilermen belledi.

Professor Ulunýan Berdimuhamedowyň şu gezekki saýlaw kampaniýasynda ýurdy senagat taýdan ösdürmek barada beren wadasynyň ýerine ýetirilmegi üçin, ilki bilen syýasy reformalary geçirip, halka erkinlik bermeli diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG