Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Orsýetden 30 sany tank satyn alýar


Türkmenistan Orsýetden 30 sany “T-90S” kysymly tanky (suratda) satyn almak barada Orsýet bilen şertnama baglaşdy diýip, “Wedomosti” ýazýar.

Türkmenistan Orsýetden 30 sany “T-90S” kysymly tanky (suratda) satyn almak barada Orsýet bilen şertnama baglaşdy diýip, “Wedomosti” ýazýar.

Orsýetiň “Wedomosti” gazeti Türkmenistanyň Orsýetden 30 sany tank satyn almak barada kontrakt baglaşandygynyň belli bolandygyny habar berýär.

“Wedomosti” gazeti sişenbe güni ýaýradan maglumatynda bu baradaky maglumatyň Orsýetiň “Ros-oboron-eksport” kompaniýasynyň ýolbaşçy toparyna ýakyn bir çeşmeden hem-de “Rostehnologiýa” kompaniýasynyň menejerinden alnandygyny aýdýar.

Bu maglumata gorä, geçen ýylyň tomsunda Türkmenistan Orsýetden 30 sany, geçen güýzde bolsa Alžir 120 sany “T-90S” kysymly tanky satyn almak barada Orsýet bilen şertnama baglaşypdyrlar.

Orsýetdäki Strategiýalar we tehnologiýalar baradaky analiz merkeziniň eksperti Konstantin Makiýenko bu tanklaryň umumy bahasynyň ýarym milliard dollardan gowrak diýlip hasaplanylýandygyny aýdýar.

“Wedomosti” gazetiniň maglumatyna görä, 2010-njy ýylda hem Türkmenistan Orsýetden şular ýaly tanklaryň 10-syny satyn alypdyr.

Orsýetli käbir ekspertler bu soňky kontraktlaryň arap ýurtlaryndaky syýasy durnuksyzlyklaryň fonunda baglaşylandygyna ünsi çekýärler. Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri bu tank söwdalary barada hiç hili maglumat ýaýratmadylar.

Orsýetiň Harby-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça federal gullugynyň başlygy Mihail Dmitriýew habarçylara beren interwýusynda geçen 2011-nji ýylda Orsýetiň daşary ýurtlara 13,2 milliard dollarlyk ýarag satandygyny aýtdy. Munuň özi Orsýetiň iň köp ýarag satan ýyly hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG