Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowaly serbler alban hökümetini inkär edýär


Penşenbe güni ýerli serb resmileri referendumda ses beren serbleriň 99 prosentinden gowragynyň Kosowanyň alban hökümetini ykrar etmändiklerini yglan etdiler.
Penşenbe güni ýerli serb resmileri referendumda ses beren serbleriň 99 prosentinden gowragynyň Kosowanyň alban hökümetini ykrar etmändiklerini yglan etdiler.
Kosowanyň demirgazygyndaky serb regionynda sişenbe we çarşenbe günleri ýerli serbler Kosowanyň merkezi hökümetini ykrar edip-etmezlik meselesi boýunça referendum geçirdiler.

Penşenbe güni ýerli serb resmileri bu referendumda ses beren serbleriň 99 prosentinden gowragynyň Kosowanyň alban hökümetini ykrar etmändiklerini yglan etdiler.

Emma Kosowanyň hökümetem, Serbiýanyň hökümetem Kosowadaky serbleriň şeýle referendumy geçirmeklerini resmi taýdan goldamaýandyklaryny mälim etdiler.

Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç özbaşdak amala aşyrylýan beýle çäreleriň Serbiýa bilen Kosowanyň özara dialoglaryna oňyn täsir etmejekdigini aýtdy.

Kosowanyň demirgazyk serhet ýakasynda ýaşaýan 40 müňe golaý serb ilaty Kosowanyň Serbiýadan özbaşdak bolmagyna garşy çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG