Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak fondunyň täze başlygy ozalky ýolbaşçylary tankytlady


Gazagystanyň “Samruk Kazyna” atly iň baý döwlet fondunyň täze bellenen başlygy Ömirzak Şukeýew penşenbe güni bu fonduň ozalky ýolbaşçylarynyň işini tankytlap çykyş etdi.

Ömirzak Şukeýewiň bu barada beren interwýusy penşenbe güni Orsýetiň “Kommersant” gazetinde çap edildi. Bu interwýusynda Şukeýew Gazagystanyň “Samruk Kazyna” fondunyň ozalky ýolbaşçylaryny býurokratik iş alyp baranlykda tankytlady.

Bu gürrüňi edilýän fonda mundan ozal prezident N.Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew ýolbaşçylyk edipdi.

Gazagystanyň Žanaözen şäherinde bolan ganly wakalardan soň, bu fonduň köpsanly beýleki jogapkär ýolbaşçylary bilen birlikde Kulibaýew hem wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG