Sepleriň elýeterliligi

Pan Gi Mun Siriýada adamzada garşy ähtimal jenaýatçylyklary görýär


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Siriýada ynsanýete garşy jenaýatçylyk hökmünde häsiýetlendirilip bilinäýjek jenaýatçylyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Wenada eden bu baradaky çykyşynda Pan Gi Mun şeýle çykyş etdi:

—Biz Siriýada ýaşaýyş kwartallarynyň hiç hili parh goýulmazdan oka tutulýandygyny, keselhanalaryň adamlaryň gynalýan ýerlerine öwrülýändigini, 10 ýaşly çagalaryň zorluklara sezewar edilýändiklerini we öldürilýändiklerini görýäris.

Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Siriýanyň režiminiň alyp barýan syýasatyny ýazgaryjy ýörite bir rezolýusiýanyň taslamasyna ses berişlik geçiriler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG