Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş Assambleýasy Siriýany ýazgarýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň häkimiýetden çekilmegini talap edýän Arap Ligasynyň planyny goldaýan maslahat beriji rezolýusiýany kabul etdi.

Rezolýusiýa 193 agzaly Baş Assambleýada 137 ýurduň goldamagy, 12 ýurduň garşy ses bermegi bilen kabul edildi. 17 döwlet ses bermekden saklandy. Bu dokument 4-nji fewralda Orsýet we Hytaý tarapyndan weto goýlan rezolýusiýa çalymdaş.

Orsýet bilen Hytaý bu rezolýusiýa hem weto goýdy. Garşy ses berenleriň arasynda Demirgazyk Koreýa, Wenesuela, Eýran we Kuba hem bar.

Rezolýusiýa Siriýada graždan ilata garşy edilýän zorluklaryň bes edilmegine we mart aýyndan bäri dowam edýän zorluklaryň togtadylmagy babatda Arap Ligasy tarapyndan öňe sürlen planyň durmuşa geçirilmegine hem çagyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun penşenbe güni Wenada eden çykyşynda Siriýada adamzada garşy jenaýatçylyk hökmünde häsiýetlendirilip bilinäýjek jenaýatçylyklaryň dowam edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG