Sepleriň elýeterliligi

Pakistan we owgan liderleri parahatçylygy maslahat edýär


Asif Ali Zardari (ortada), Hamid Karzaý (çepde) we Mahmud Ahmedinejad Yslamabatda, 16-njy fewral.

Asif Ali Zardari (ortada), Hamid Karzaý (çepde) we Mahmud Ahmedinejad Yslamabatda, 16-njy fewral.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Owganystanda 11 ýyl bäri dowam edýän urşuň tamamlanmagy üçin “Talyban” bilen barlyşyk ugrundaky tagallalara ýardam berjekdigini aýdýar.

Zardari bu barada 16-njy fewralda Yslamabatda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşanda wada berdi.

Pakistanyň prezidentiniň metbugat wekiline salgylanylyp berlen maglumatlara görä, Zardari Pakistanyň Owganystanda parahatçylyk prosesini goldaýandygyny gaýtalapdyr.

Hamid Karzaý bolsa şeýle goldawy parahatçylyk prosesinde “üstünlik üçin örän möhüm” diýip häsiýetlendirýär.

16-njy fewralda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad hem Pakistanyň we Owganystanyň liderleri bilen resmi sammite gatnaşmak Yslamabada bardy.

Üç prezident terrorizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, şol sanda neşe we adam gaçakçylygyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek, serhet we söwda meseleleri barada gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG