Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gyrgyzystandaky syýasy geçişi öwdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Wenada, 16-njy fewral
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Wenada, 16-njy fewral
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Gyrgyzystandaky syýasy geçişe ýokary baha berýär.

Panyň 16-njy fewralda Wenada Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen duşuşanda aýtmagyna görä, Gyrgyzystandaky “asuda häkimiýet çalşygy” gyrgyz demokratiýasyny pugtalandyrypdyr we ol regiondaky beýleki döwletlere görelde bolýar.

2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde protestçiler öňki prezident Kurmanbek Bakiýewi häkimiýetden agdardy. 2010-njy ýylyň oktýabrynda parlament saýlawlary we 2011-nji ýylyň oktýabrynda prezidentlik saýlawlary geçirildi.

Pan Gi Mun bilen Ruslan Kazakbaýew Gyrgyzystandaky barlyşyk prosesi, neşe söwdasyna garşy göreş we Owganystandaky parahatçylyk prosesi barada hem gürrüň etdiler.
XS
SM
MD
LG