Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ikinji möhlet prezidentlige girişdi


Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.

Anna güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky Maslahat köşgünde prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýlip yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasy geçirildi.

Bu inagurasiýa dabarasynyň anna güni geçiriljekdigi barada Türkmenistanyň resmi mediasynda öňünden hiç hili habar berilmedi.

Anna güni bu çäräniň açylyş dabarasynda diktor 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýokary demokratik standartlara laýyklykda geçirilendigini nygtap, “Bu taryhy gün ata watanymyzy, halkymyzy täze belentliklere, bagtyýar geljege ynamly alyp gitjek milli lideriniň daşyna halkymyzyň mäkäm jebisleşendigini ýene-de bir gezek bütin dünýä subut etdi” diýdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlarynyň gutarnlykly jemini jemledi. Şol maslahatda hem saýlaw komissiýasy 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukugy bolan ilatyň 96,7 prosentiniň gatnaşandygy aýdyldy.

Şeýle hem, Merkezi saýlaw komissiýasy sesleriň 97.14 prosentine Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýe bolup, onuň kanuny ýagdaýda ikilenji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.

Käbir bilermenler saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 97 prosentden gowrak ses alyp, galan ýedi dalaşgäriň aglabasynyň hem ýarym prosentdenem az ses almaklaryny bu saýlawlaryň ýörite sahnalaşdyrylan çäredigini görkezýän bir ýagdaý hökmünde häsiýetlendirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG