Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada gazak telekeçisine 22 aý iş kesildi


Muhtar Ablýazow

Muhtar Ablýazow

16-njy fewralda Britaniýanyň sudy Gazagystanyň iri banklarynyň biriniň millionlarça dollaryny öz haýryna geçirenlikde aýyplanýan telekeçini suda hormat goýmanlykda aýyplady we 22 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Gazagystanyň “BTA” banky Muhtar Ablýazowy 2005-nji we 2009-njy ýyllarda bankdan 4 milliard amerikan dollaryny ogurlanlykda aýyplap, onuň bilen Britaniýada sudlaşýar. Ablýazow şol bankyň öňki başlygy.

Britan sudunyň kararyna görä, Ablýazow suda äsgermezçilik edipdir, ol öz hasaplaryndaky ähli puly barada maglumat bermekden boýun gaçyrypdyr.

16-njy fewralda geçirilen sud diňlenşigine Ablýazow gatnaşmady.

Häzir “BTA” banky döwlet eýeçiliginde.

Ablýazow özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy äheňlidigini aýdýar. Ol prezident Nursoltan Nazarbaýewiň özüni syýasy opponentlikden syndyrmaga çalyşýandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG