Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf wezipesinden gitdi


Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf wezipesinden çekilýändigini yglan edenden soň zaldan çykýar, Berlin, 17-nji fewral.
Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf wezipesinden çekilýändigini yglan edenden soň zaldan çykýar, Berlin, 17-nji fewral.
Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf eglenmezden wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Ol korrupsiýa dawalary sebäpli basyş astyndady.

Anna güni Berlindäki edarasyndan efire çykan Wulf özüniň ýalňyşan ýerleriniň bardygyny, emma hemişe kanuna laýyklykda hereket edendigini aýtdy.

Muňa garamazdan, onuň aýtmagyna görä, korrupsiýa aýyplamalary Germaniýanyň raýatlarynyň prezidente bolan ynamyny gowşadypdyr.

Gürrüň Wulfuň 2008-nji ýylda bir baý telekeçiniň aýalyndan has amatly şertler esasynda 500,000 ýewro ($650,000) puly kredit alandygynyň öňe sürülmegi barada barýar. Ol şol mahallar Aşaky Saksoniniň premýer-ministridi.

Özüniň çykyşynda Wulf bu dawalaryň özüniň prezidentlik borçlaryny talabalaýyk berjaý etmek ukybyny “hemişelik güýçden gaçyrandygyny” aýtdy:

Kristian Wulf
Kristian Wulf
—Soňky günleriň dowamynda bolup geçen wakalar nemes halkynyň ynamynyň we meniň [prezident hökmünde] edip biljek zatlarymyň hemişelik güýçden gaçandygyny görkezdi. Şol sebäpli, indiden beýläk prezidentiň edarasyna talabalaýyk wekilçilik etmegim mümkin däl. Şonuň üçin men federal prezident hökmünde wezipämden çekilýärin.

Wulfuň wezipeden çekilmegi Aşaky Saksoniniň Gannower şäheriniň prokurorlarynyň prezidentiň eldegrilmesizligini ýatyrmak barada parlamente ýüz tutmaklarynyň ertesi gününe gabat geldi. Germaniýada şeýle waka ilkinji gezek ýüze çykýar.

Bundestagyň parlamentar eldegrilmezlik boýunça komiteti prokurorlaryň bu arzasyna şu aýyň ahyrynda başlajak sessiýada garamalydy.

Germaniýada döwlet baştutany wezipesi adatça simwoliki häsiýete eýe. Emma, analitikleriň aýtmagyna görä, Wulfuň wezipeden çekilmegi ýurdy ýewrozonanyň bergi krizisinden zyýansyz çykarmaga çalyşýan kansler Angela Merkel üçin içerki problemalary döredýär.

Italiýa planlaşdyran saparyny prezidentlik krizisi sebäpli goýbolsun eden Merkel onuň wezipeden çekilmegini “hormat bilen, emma gynanç bilen” kabul edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG