Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlament Belarusy ölüm jezasyny ýatyrmaga çagyrýar


16-njy fewralda Ýewropa Parlamenti Belarusda ölüm jezasynyň berilmegini ýazgarýan rezolýusiýany biragyzdan makullady. Ol Minskini ölüm jezasyny ýatyrmaga çagyrýar.

Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjylary Strasburgdaky duşuşykda belarus režimini Dmitriý Kanawalowyň we Wladislaw Kowalýowyň günäsini geçmäge çagyrdylar. Olar 2011-nji ýylyň aprelinde Minskiniň metrosynda bolan partlamany gurnanlykda aýyplanyp, geçen ýylyň noýabrynda iň ýokary jeza höküm edildiler. Bu partlamada 15 adam öldi.

Ýewropa Parlamentiniň rezolýusiýasynda metrodaky partlama barada “doly we adalatly derňew geçirmäge” çagyrylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjylary belarus režimini 2010-njy ýyldaky jedelli prezidentlik saýlawlary bilen bagly türmä basylan ähli syýasy tussaglary, şol sanda prezidentlige öňki dalaşgärler Mihaýil Ştatkewiçi, Andreý Sannikowy we meşhur adam hukuklaryny goraýjy Ales Belýaskini türmeden boşatmaga hem çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG