Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň marka dawasy täze iPad önüminiň satuwa çykarylmagyny gijikdirip biler


“Apple” kompaniýasynyň öňki baş dolandyryjysy, merhum Stiw Jobs iPad 2 bilen tanyşdyrýar, San Fransisko, 2011-nji ýylyň 2-nji marty.

“Apple” kompaniýasynyň öňki baş dolandyryjysy, merhum Stiw Jobs iPad 2 bilen tanyşdyrýar, San Fransisko, 2011-nji ýylyň 2-nji marty.

Bu bir peşe bilen piliň dawasy. Hytaýyň bergä batan kompýuter kompaniýasy “Proview” merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän kompýuter ägirdi “Apple” bilen güýç synanyşýar.

Bu ýerde gürrüň intellektual ogurlykda giňden tanalýan bir ýurtda kärhana markasyny goramak barada barýar.

"Proview" öten dekabrda Hytaýyň bir suduny yryp, oňa “Apple” kompaniýasynyň "iPad ady meniňki" diýýänini ret etdirdi. "Proview" onuň yzysüre hem uly şäherlerde häkimiýetlerden “Apple” kompaniýasynyň iPad önümini satmagynyň öňüni almaklaryny sorady. Netijede, Hytaýyň iň azyndan iki şäherinde sany köp bolmadyk iPad ýygnaldy.

“Proview” kompaniýasynyň aklawjysy Şie Şianhui kompaniýanyň eglişik etjege meňzemezliginiň sebäbini şeýle düşündirýär:

—Ulanmak üçin öňünden rugsat almasaň, haýsydyr bir markany ulanyp bolanok. Şol sebäpden Senagat we söwda boýunça administratiw häkimiýetiň kanuny iş we jeza çärelerini görmeginiň kanuny esaslary bar. Sebäbi “Apple” ulanmak üçin öňünden rugsat alman, bir Hytaý kärhanasyna degişli markany ulanyp ýör.

Eksport petiklenermi?

Ýöne “Proview” kompaniýasynyň etjek indiki göçüminiň has zyýanly bolmagy mümkin. Ol ahyrky sud diňlenişigini gazanan halatynda Hytaýda öndürilen iPad önümleriniň eksport edilmeginiň öňüni almaga taýýarlanmak üçin ýurduň gümrük häkimiýetlerine ýüz tutdy. Bu diňlenişigiň 29-njy fewralda Guandongyň Ýokary sudunda başlanmagyna garaşylýar.

Barýan dawa örän çylşyrymly. “Proview” 2000-nji ýylda, “Apple” kompaniýasynyň iPad enjamyny öndürmeginden ençeme ýyl öň, IPAD markasyny birnäçe ýurtda hasaba aldyrdy. 2009-njy ýylda “Apple” bir britaniýaly dellalyň üsti bilen bu hukugy “Proview” kompaniýasynyň Taýwandaky şahamçasyndan satyn aldy. Ýöne “Proview” kompaniýasynyň Şenžendäki bölümi Hytaýda bu adyň hukugynyň özüne degişlidigini aýdýar. Hytaý häkimiýetleri hem şu wagta çenli munuň bilen ylalaşyp geldiler.

“Apple” 2010-njy ýylda ilkinji gezek iPad önümini satuwa çykarmazdan öň bu markanyň “Proview-Şenženden” özüne geçirilmegi barada Hytaýyň kärhana markalaryny hasaba alýan edarasyna ýüz tutdy. Ýöne bu haýyşnama ret edildi.

Hytaý, hemme ýurtlar tarapyndan bolmasa-da, iň bärkisi Birleşen Ştatlar tarapyndan intellektual eýeçilik hukuklaryny äsgermezlik edýänlikde aýyplanýar. Ýöne Hytaýyň bu baradaky kanunlary hökümete hytaý kompaniýalarynyň hukugyny bozýar diýlip hasaplanan Hytaýda öndürilen önümleriň bütin dünýäde satylmagyna gadagançylyk girizmäge ýol berýär. Teoritiki taýdan munuň Hytaýda öndürilen 10 millionlarça iPad önümine zyýan ýetirmegi mümkin.

"Aýyl-saýyl ýagdaý"

“Proview” kompaniýasynyň aklawjysy hökümeti öz kompaniýasyny goramaga çagyrýar:

—Hytaýyň Senagat we söwda boýunça administratiw häkimiýeti we sud Hytaý kärhanalarynyň intellektual eýeçiliginiň goragyny güýçlendirmeli. Aýratyn-da biziňki ýaly aýyl-saýyl ýagdaýlarda, munda intellektual eýeçiligiň hytaý kompaniýasyna degişlidigine şübhe ýok.

Ýöne ekspertler Hytaýyň öz kompaniýalaryna millionlarça dollar getirýän eksportlary ýapmagy ähtimal däl diýip, basym bir ylalaşyga gelinmegine garaşýarlar.

Muňa indi köp wagt hem ýok. Sebäbi senagat myş-myşlarynda “Apple” kompaniýasynyň täze iPad3-niň 7-nji martda satuwa çykarmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG