Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ýolbaşçysy owgan neşesiniň söwdasynyň ýokarlanandygyny aýdýar


Göknar ekýän Abdul Manan (çepde) we onuň iki ogly Owganystanyň Helmand welaýatynyň Maranjan obasynda sorag edilýär, 2011-nji ýylyň 25-nji apreli.

Göknar ekýän Abdul Manan (çepde) we onuň iki ogly Owganystanyň Helmand welaýatynyň Maranjan obasynda sorag edilýär, 2011-nji ýylyň 25-nji apreli.

Wenada neşe gaçakçylygyna garşy geçirilýän halkara konferensiýasynda 16-njy fewralda çykyş eden BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Owganystanda öňdürilýän neşäniň ýaýramagynyň öňüni almakda halkara jemgyýetçiliginiň şowsuzlyga uçrandygyny aýtdy. Jenap Munuň bellemegine görä, diňe geçen 2011-nji ýylda Owganystanda öndürilýän neşe maddalarynyň möçberi 61% ýokarlanypdyr.

Wenada geçirilýän bu konferensiýa 20 sany halkara guramasynyň we 60 ýurduň hökümet delegasiýalarynyň hatarynda Türkmenistanyň delegasiýasy hem gatnaşýar. Oňa ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylyk edýändigi habar berilýär.

Owgan polisiýasy Türkmenistan-Owganystan serhedinde 650 kg. neşe maddasyny ele geçirýär, Hyrat, 2007-nji ýylyň 23-nji oktýabry.

Owgan polisiýasy Türkmenistan-Owganystan serhedinde 650 kg. neşe maddasyny ele geçirýär, Hyrat, 2007-nji ýylyň 23-nji oktýabry.

Fewral aýynyň 6-nda Merkezi Aziýa regionyndaky ýurtlaryň neşä garşy göreş boýunça bölümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatynda Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Neşä garşy komitetiniň ýolbaşçysy Anatoliý Wyborow çykyş edip, soňky döwürde owgan neşesiniň Türkmenistan we Azerbaýjan arkaly Ýewropa ýurtlaryna ýetirilýändigini aýtdy diýlip, metbugatda maglumat ýaýradyldy.

Anatoliy Wyborow: “Biz öň Täjigistan hem Gyrgyzystan arkaly daşalýan neşäniň öňüni almak üçin çäre gören bolsak, indi neşe demirgazyk marşruty bilen Türkmenistandan hem Azerbaýjandan Ýewropa daşalýar” diýip belläpdir. Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly Gazagystanyň Içeri işler ministrligine jaň etdi. Ol ýerde Anatoliý Wyborowyň BMG-niň hasabatyna salgylanyp çykyş edendigini tassykladylar.

Türkmen-owgan serhediniň uzynlygy 744 kilometr. BMG-niň Neşä we jenaýata garşy agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Badhyz welaýatynda 2007-nji ýyldan bäri neşe öňümçiligi 70% ýokarlanypdyr.

Ýerli synçylar soňky bäş ýyllykda Türkmenistanda neşe gaçakçylygyna garşy göreşiň has aktiw alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde 2006-2008-nji ýyllar aralygynda Ymam Nazar atly türkmen-owgan serhet geçelgesini berkitmek üçin 2 million dollardan gowrak serişdäniň sarp edilendigini BMG habar berýär.

2010-njy ýylda Türkmenistanda 700 kilo neşe maddasy ýakyldy.

2010-njy ýylda Türkmenistanda 700 kilo neşe maddasy ýakyldy.

Türkmenistanda ele salynýan hem ýok edilýän neşe maddalary baradaky maglumatlar hem köpçülige ýetirilip başlandy. Mysal üçin, 2007-nji ýylda Türkmenistanda iki tonna golaý neşe maddasy, 2008-nji hem 2009-njy ýylaryň her haýsynda iki tonnadan gowrak, 2010-njy ýylda 700 kilo, 2011-nji ýylda bolsa 840 kilodan gowrak neşe maddalary ele salnyp, Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgesinde oda ýakyldy.

Şol bir wagtyň özünde, abraýly halkara guramalary bolan UNODC, UNDP, Interpol, ÝHHG, TIKA, WCO we beýlekiler bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürýändigine garamazdan, käbir synçylar neşä garşy göreşde Türkmenistanyň henize çenli halkara jemgyýetçiliginiň talabyna laýyk hyzmatdaşlyk etmeýändigini aýdýarlar. Bu barada Orsýetiň “RIA nowosti” habar gullugynyň 2010-njy ýylda ýaýradan maglumatynda bellenilýär.

Owgan geroininiň 21%-niň Merkezi Aziýa regionynyň üsti bilen “Demirgazyk marşruty” diýlip atlandyrylýan ýol bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýetirilýändigi aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň neşe bilen bagly 2011-nji ýyla degişli hasabatynda dünýädäki tirýekdir-geroiniň takmynan 93 prosentiniň Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda öndürilýändigi habar berilýär. Neşe önümçiligi hem onuň söwdasy Owganystanyň jemi içerki öňüminiň 15%-ni tutýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG