Sepleriň elýeterliligi

Baş Assambleýa täze rezolýusiýany goldady


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda, Nýu-Ýork, 16-njy fewral.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda, Nýu-Ýork, 16-njy fewral.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy penşenbe güni Siriýa babatynda Arap Ligasynyň planlaryny goldaýan rezolýusiýanyň taslamasynyň goldap ses berdi.

Agza ýurtlary nähilidir bir çärelere borçlandyrmaýan bu rezolýusiýa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň öz wezipesinden çekilmegine-de çagyryş edýär.

Bu barada geçirilen ses berişlikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 193 agzasyndan 137-si rezolýusiýanyň taslamasyny goldady we 12-si oňa garşy ses berdi, agza ýurtlardan 17-si bolsa ses bermekden saklandy.

Mundan ozal Siriýa baradaky rezolýusiýanyň taslamasyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde weto goýan Orsýet bilen Hytaý bu gezek hem garşy ses berenleriň hatarynda boldular.

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin häzirki rezolýusiýanyň taslamasyna garşy ses bermeginiň sebäbini onda Siriýadaky meseleleriň parahatçylykly gepleşikler arkaly çözülmegi barada anyk punktlaryň ýokdugy bilen düşündirdi.

Ol bu meselede “Siriýadaky ähli taraplaryň zorlukly çärelerden saklanyp, diňe siriýalylaryň özleriniň hem açyk syýasy gepleşikler arkaly meseläni çözmelidikleri” barada anyk jümläniň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Baş Assambleýanyň duşuşygynda, Nýu-Ýork, 16-njy fewral.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Baş Assambleýanyň duşuşygynda, Nýu-Ýork, 16-njy fewral.

Mundan daşary, Witaliý Çurkin halkara jemgyýetçiliginiň Siriýanyň hökümetini izolirlemek hem-de onuň bilen islendik bir arabaglanyşyklary kesmek ugrunda ädýän ädimlerine Orsýetiň alada bildirýändigini-de belledi.

Hytaýyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Wang Min hem öz ýurdunyň Siriýanyň içerki işlerine daşyndan ýaragly çäreler bilen goşulyşylmagyna ýa-da režimi çalşyrmak ýaly ideýalara garşydygyny aýtdy. Ol Siriýa garşy sanksiýalary kabul etmek ýa-da sanksiýalar bilen haýbat atmak ýaly çäreleriň meselä çözgüt berjekdigini Hytaýyň ynanmaýandygyny-da nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynda Siriýa baradaky rezolýusiýanyň taslamasyna garşy ses berenleriň hatarynda Demirgazyk Koreýa, Wenesuela, Eýran we Kuba ýaly ýurtlar-da boldy.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jafaari rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýaly çäräniň Siriýanyň içindäki bulagaýçy toparlary has-da öjükdirjekdigini we has-da baş-başdaklygyň we krizisiň çüňlaşmagyna sebäp boljakdygyny öňe sürdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň penşenbe güni kabul eden bu rezolýusiýasy Siriýada parahat ilata garşy alnyp barylýan zorukly çäreleriň haýdan-haý bes edilmegine we bu ugurda Arap Ligasy tarapyndan öňe sürlen planlaryň işe girizilmelidigini hem nygtaýar.

Ýöne BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu rezolýusiýasy Siriýanyň territoriýasyna BMG bilen arap ýurtlarynyň parahatçylygy goraýjy güýçlerini salmak barada Arap Ligasynyň ozalky eden teklipleri bilen baglanyşykly meseleleri gozgamandyr.
XS
SM
MD
LG