Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada azyndan 21 adam öldi


Anna güni Pakistanyň Paraçinar şäherindäki bir şaýy metjidiniň ýanynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 21 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Pakistanyň ýerli resmileri bu partlamanyň metjidigiň golaýyndaky söwda bazarynyň içinde amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Bu wakanyň yzy bilen partlamanyň jogapkärçiligini “Tehriki taliban yslami Pakistan” atly ekstremistik sünni topary öz üstüne alyp beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG