Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda adam hukuklaryny goraýjy aktiwist azat edildi


Anna güni gazagystanly ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Ýewgeniý Žowtis günä geçişlik esasynda tussaglykdan azat edildi.

Ol 2009-njy ýylyň awgustynda bir adamyň ölümine getiren bir ýol heläkçiligi bilen baglanyşykly şol ýylyň sentýabrynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýewgeniý Žowtis özüne berlen tussaglyk möhletiniň 2,5 ýylyny oturdy. Ol türmeden boşadylmazynyň öňýany azatlyga çykandan soň hem özüniň ynsan hukuklary bilen baglanyşykly akiwistlik işlerini dowam etdirjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG