Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda atyşyk boldy


Penşenbe güni agşam Orsýetiň howpsuzlyk güýçleriniň resmileri Çeçenistan bilen Dagystanyň serhet raýonlarynyň birinde howpsuzlyk güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasynda gazaply atyşyklaryň ýüze çykandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu atyşyklar Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň bu raýondaky tokaýlyk ýerde reýd geçirýän wagty ýüze çykypdyr.

Wakada ýaragly söweşijileriň üç sany toparynyň milisiýa güýçlerine garşy ok atyp, berk gaýtawul berendikleri habar berilýär.

“Interfaks” habar agentligi atyşyklaryň anna güni irden hem dowam edendigini we bu çaknyşyklarda Orsýetiň milisiýa işgärlerinden azyndan 7-siniň ölüp, 17-siniň hem ýaralanandygyny habar berýär. Ýöne bu sanlar häzirlikçe Orsýetiň resmileri tarapyndan tassyklanylmady.
XS
SM
MD
LG