Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň medeniýet ministri wezipesinden çekildi


Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherçesindäki muzeýden penşenbe güni agşam köpsanly taryhy eksponatlaryň ogurlanmagynyň yzy bilen, anna güni Gresiýanyň medeniýet ministri Pawlos Geroulanos wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Habar agentlikleri Gresiýanyň polisiýasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, bu taryhy muzeýden 70 töweregi eksponatyň ogurlanandygyny habar berýär.

Bu gürrüňi edilýän taryhy muzeý Gresiýanyň gadymy olimpiýa oýunlaryna bagyşlanan muzeý hasaplanylýar.

Maglumatda Olimpiýa şäherçesiniň meri Timios Kotzaisiň bu wakada ýüzleri maskaly iki sany adamyň muzeýin aýal goragçysynyň elini baglap, ondan onlarça örän gymmat eksponatlary alyp gidendigini aýdandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG