Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky dindarlar hukuksyzlykdan zeýrenýärler


Käbir ekspertler dindarlaryň öz dini guramalaryny hasaba aldyrtmak hukuklarynyň, köplenç, Türkmenistanda berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.
Käbir ekspertler dindarlaryň öz dini guramalaryny hasaba aldyrtmak hukuklarynyň, köplenç, Türkmenistanda berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň konstitusiýasy beýleki hukuklar bilen bir hatarda din azatlygyny hem kepillendirýär. Ýöne käbir ekspertler dindarlaryň alternatiw harby gulluklarda gullyk etmek, öz dini guramalaryny hasaba aldyrtmak, dini edebiýatlary neşir etmek ýa-da başga ýerlerden getirmek ýaly hukuklarynyň, köplenç, Türkmenistanda berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

Ýakynda Daşoguz şäherinde protestant dinine uýýan Begjan Şirmedowyň öz dini goşgularyny çap etmegine rugsat edilmän, ol organlar tarapyndan soraga çekildi. 13-nji fewralda bolsa Aşgabatda “Ýegowanyň şaýatlary” atly dini akymyň agzasy Akmyrat Nurjanow adaty harby gullukdan ýüz öwrenlikde aýyplanyp, oňa bir ýyl şertli türme tussaglygy berildi. Azatlyk Radiosy bu wakalar barada maglumat ýaýradan Forum-18 habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körli bilen Türkmenistandaky din azatlygynyň häzirki ýagdaýy barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Körli, ýakynda siziň Forum-18 guramaňyz Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, protestant dinine uýýan 77 ýaşly Begjan Şirmedowyň öz goşgular kitabyny çap etdirmegine häkimiýetleriň ýol bärmän, ony soraga çagyrandyklary barada maglumat ýaýratdy. Oňa garşy häkimiýetleriň nähili çäre görendikleri barada sizde maglumat barmy?

Feliks Körli: "Hökümetiň statistiki maglumatynda hasaba alnan dini jemgyýetleriň umumy sanynyň 123-digi aýdylýar. Ýöne şol toparlardan 100-si musulman dininiň ýerli bölümleri".
Feliks Körli: "Hökümetiň statistiki maglumatynda hasaba alnan dini jemgyýetleriň umumy sanynyň 123-digi aýdylýar. Ýöne şol toparlardan 100-si musulman dininiň ýerli bölümleri".
Feliks Körli: Häkimiýetleriň oňa garşy nähili çäre görjekdikleri heniz aýdyň däl. Ol öz dini goşgularyny çap etdirmek üçin ilki ýerli çaphanadan sorapdyr şeýle kitaby çap etdirip biljekdigi ýa bilmejekdigi barada. Çaphananyň işgärleri oňa kitabyny arkaýyn çap etdirip biljekdigini aýdypdyrlar.

Ýöne 3-nji fewralda ol öz kitabyny çaphanadan alyp gaýtmak üçin ol ýere baranda, dini işler baradaky ýerli Geňeşiň bir agzasy onuň öňünden çykyp, ony içeri işler organynyň 6-njy bölümine alyp gidipdir. Ol ýerde-de ony alty sagatlap sorag edipdirler we gaýdyp şeýle iş bilen meşgullanmajakdygy baradaky dil hata gol çekmäge mejbur edipdirler. Mundan daşary, içeri işler bölümi onuň işine garalyp gutarylýança, oňa Daşoguz welaýatynyň çäginden çykmaklyga-da gadagan edipdir.

Azatlyk Radiosy: Jenap Körli, mälim bolşy ýaly, protestant dini Türkmenistanda resmi hasaba alnan dinlerden biri. Resmi hasaba alnan diniň agzalaryna häkimiýetler nämüçin şeýle gazaply daraýarlar?

Feliks Körli: Hawa, protestantlar Türkmenistanda resmi hasaba alnan. Ýöne esasy mesele aýry-aýry şahsyýetleriň dini mazmundaky öz kitaplaryny çap etdirip bilýändikleri ýa bilmeýändikleri bilen baglanyşykly.

Megerem, hökümet beýle kitaplara rugsat bermeýän bolmaly. Umuman, kitap çap etmek meselesinde Türkmenistanda örän berk senzura bar. Raýatlar islendik bir kitaby çap etdirip bilmeýärler. Edil syýasy mazmunly ýa beýleki kitaplar bilen bolşy ýaly, hökümet dini kitaplara-da örän howatyr bilen garaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Körli, umuman, resmi taýdan hasaba alnan dini azlyklaryň ýagdaýy nähili?

Feliks Körli: Türkmenistanyň hökümetiniň soňky statistiki maglumatynda ýurtda hasaba alnan dini jemgyýetleriň we toparlaryň umumy sanynyň 123-digi aýdylýar. Ýöne şol hasaba alnan toparlardan 100-si musulman dininiň ýerli bölümleri, 12-13 sanysy bolsa Rus prawoslaw dininiň bölümleri, ýakynda katolik dininiňem bölümleri resmi hasab alyndy.

Mundan daşary, Türkmenistanda dürli hili protestant toparlary, Hare Krişna jemgyýeti, Bahaýylar hem bar. Ýöne yslam dininden beýleki hasaba alnan dini toparlaryň aglabasy dürli hili hristian toparlary. Emma resmi hasaba alnan bu dini guramalaryň aglabasyna öz dini edebiýatlaryny çap etmäge ýa-da başga ýerlerden ýurduň içine getirmäge rugsat berilmeýär. Munuň üçin dini guramalar Türkmenistanyň Din işleri baradaky Geňeşinden ýörite rugsat almaly. Ýöne, adatça, häkimiýetler dini kitaplaryň ýurduň içine getirilmegini berk çäklendirýärler.

Azatlyk Radiosy: Jenap Körli, Aşgabatda hasaba alnan şol dini guramalaryň köpüsiniň agzalary beýleki welaýat merkezlerinde we şäherlerde öz ýerli guramalaryny hasaba aldyrdyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaý barada sizde nähili maglumat bar?

Feliks Körli: Hakykatdanam, Aşgabatdan beýleki şäherlerde dini guramalaryň ýerli bölümlerini hasaba aldyrtmak işi, adatça, asla mümkin däl. Umuman, haýsydyr bir dine degişli toparlary döretmek ýa olary hasaba aldyrtmak meselesinde Türkmenistanyň raýatlary erkin däl.

Raýatlaryň bu baradaky hukuklarynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşykly meselelerde Türkmenistanyň resmileri, adatça, öz hereketleri barada kimdir-birine, aýratynam ýurduň öz raýatlaryna düşündiriş bermelidir diýip hem hasaplamaýarlar.
XS
SM
MD
LG