Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrak eýranly mujaheddinleri daşary ýurtlara ugratmakçy


Şenbe güni Yragyň häkimiýetleri ýurduň demirgazygyndaky lagerde ýaşaýan eýranly oppozision Halk mujaheddinleri guramasynyň bosgunlaryndan 400-sini Bagdadyň aeroportunyň golaýyndaky tranzit lagerine geçirdiler.

Yragyň häkimiýetleriniň bu ädimini Eýranyň oppozision Halk mujaheddinleri guramasynyň wekilleri oňyn ädim hökmünde kabul etdiler.

Ýakynda Yragyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasy bilen geçiren ýörite gepleşikleriniň yzy bilen, Eýranyň Halk mujaheddinleri guramasynyň bosgunlaryny daşary ýurtlara ugratmak üçin Bagdadyň aeroportunyň golaýynda wagtlaýyn tranzit lagerini döretdi.

Indi daşary ýurtlara ugradyljak eýranly bosgunlar şol tranzit lagerlerine ugradylar. 1980-88-nji ýyllaryň eýran-yrak urşundan bäri Eýranyň oppozision bosgunlarynyň müňlerçesi Yragyň demiragzygyndaky “Aşraf” bosgunlar lagerinde ýaşaýarlar.
XS
SM
MD
LG