Sepleriň elýeterliligi

Damaskyň etegindäki ýas çäresinde adamlar oka tutuldy


Şenbe güni siriýaly aktiwistler Damask prowinsiýasynda protestlerde öldürilen adamlaryň jaýlanyş çäresine üýşen adamlara garşy howpsuzlyk güýçleriniň ýene ot açandygyny habar berdiler.

Siriýadaky ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji toparyň maglumatyna görä, Damaskyň etegindäki Mazzeh raýonynda bolan bu wakada ýene birnäçe parahat ýaşaýjy ölüpdir.

Ýöne bu ok atmalarda näçe adamyň ölendigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady. Bu wakanyň öňýany, anna güni şu raýonda howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy atan okundan dört adam ölüpdi.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni Siriýa sapar edýän Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Jai Ýung Siriýadaky ýagdaýlar barada prezident Başar al-Assad bilen gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG