Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latwiýada rus diliniň statusy barada referendum geçirilýär


Şenbe güni Latwiýada rus dilini ikinji döwlet dili etmelimi ýa etmeli däldigi baradaky mesele boýunça ähliumumy referendum geçirilýär.

Ýöne Latwiýanyň köp hökümet resmileri ýurduň raýatlaryny rus diline ikinji döwlet dili statusyny bermeklige garşy ses bermäge çagyrýarlar.

Latwiýanyň premýer-ministri Waldis Dombrowskis şenbe güni ses beriş uçastogynda habarçylara beren interwýusynda “Häzirki öňe sürülýän inisiatiwa garşy ses bermeklik ýurdumyzyň binýadyny berkitmeklik üçin ses berildigi bolardy” diýdi.

Latwiýada etniki ruslar Latwiýanyň ilatynyň üçden bir bölegine golaýyny ybarat edýär.
XS
SM
MD
LG