Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti talybanlaryň “ruhy wekilleri” bilen duşuşdy


"Şenge güni geçirilen duşuşyklar Owganystanyň prezidentiniň talybanlaryň ideologik wekilleri bilen resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçiren duşuşygy hökmünde alamatlandy".

"Şenge güni geçirilen duşuşyklar Owganystanyň prezidentiniň talybanlaryň ideologik wekilleri bilen resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçiren duşuşygy hökmünde alamatlandy".

Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Pakystanda Talyban söweşijileri bilen ýakyn gatnaşykda diýlip hasaplanylýan musulman ruhanysy Möwlana Samiul Hak bilen gepleşik geçirdi.

“Assoşieýted Press” habar agentligine beren interwýusynda Möwlana Samiul Hak prezident Karzaýyň talybanlardan isleýän zadynyň aýdyňdygyny aýdyp, Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklerine özüniň goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Mundan daşary, prezident Karzaýyň şenbe güni talybanlar bilen baglanyşykly hasaplanýan başga-da bir musulman ruhanysynyň kömekçisi Kazy Husseýin Ahmad bilen-de duşuşandygy habar berildi.

16-17-nji fewralda Pakystanyň, Owganystanyň we Eýranyň prezidentleri Yslamabatda özara maslahat geçirdiler. Yslamabat, 17-nji fewral, 2012.

16-17-nji fewralda Pakystanyň, Owganystanyň we Eýranyň prezidentleri Yslamabatda özara maslahat geçirdiler. Yslamabat, 17-nji fewral, 2012.

Munuň özi Owganystanyň prezidentiniň talybanlaryň ideologik wekilleri bilen resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçiren duşuşygy hökmünde alamatlandy.

Şu geçen hepde Pakystana sapara baran prezident Hamid Karzaý Yslamabatda Pakystanyň ýokary derejeli remileri bilen Owganystandaky parahatçylyk meselelerini, şol sanda Talyban güýçleri bilen gepleşik geçirmek bilen bagly meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdy.

Bu meseleler Pakystanyň, Owganystanyň we Eýranyň prezidentleriniň penşenbe we anna günleri Yslamabatda geçiren gepleşikleriniňde-de üns merkezinde boldy.

Bu gepleşiklerde prezident Hamid Karzaý Pakystanyň goldawy bolmazdan, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmek planlarynyň amala aşmajakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG