Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedowa kosmosdan hem gutlag geldi


Anna güni Gurbanguly Berdimuhamedowyň inagurasiýa dabarasynyň yzy bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň liderleri ony ikilenji möhlet prezidentlige saýlanmagy bilen gutladylar.

G.Berdimuhamedowy telefon arkaly gutlan prezidentlerdem birem Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül boldy. Bu gürrüňdeşlikde iki ýurduň liderleri Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary barada-da pikir alyşdylar.

Telefon gürrüňdeşliginde Abdylla Gül prezident Berdimuhamedowy şu üstümizdäki aýda Türkiýä sapara çagyrdy. Berdimuhamedowyň bu çakylygy kabul edendigi we indi diplomatik ýollar arkaly saparyň anyk günleriniň kesgitlenjekdigi habar berilýär.

Anna güni Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň we Ukrainanyň prezidentlerem G.Berdimuhamedowyň prezidentlige kasam edişlik pursady. Aşgabat, 17-nji fewral, 2012.

G.Berdimuhamedowyň prezidentlige kasam edişlik pursady. Aşgabat, 17-nji fewral, 2012.

Gurbanguly Berdimuhamedowy telefon arkaly gutladylar.

Mundan daşary, şol gün asly türkmenabatly (ozalky Çärjew), Orsýetiň uçar sürüji-kosmonawty we gahrymany Oleg Kononenkonyň hem kosmos gämisinden prezident Berdimuhamedowy wideo ýüzlenme arkaly gutlandygy habar berildi.

Kononenkonyň kosmosa amala aşyran ozalky, ilkinji uçuşynyň yzýany prezident Berdimuhamedow oňa “Prezidentiň ýyldyzy” ordenini gowşurypdy.

O.Kononenkonyň kosmosda uçuşda ýören ýerinden Berdimuhamedowa eden wideo gutlagynyň ýazgysynyň türkmen telewideniýesinde-de görkezilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG