Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan baýdagynyň gününi belleýär


"Käbir synçylar Döwlet baýdagynyň gününi 19-njy fewralda bellemeli edilmegini şol günüň ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan günüdigi bilen düşündirýärler".
"Käbir synçylar Döwlet baýdagynyň gününi 19-njy fewralda bellemeli edilmegini şol günüň ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan günüdigi bilen düşündirýärler".
19-njy fewralda Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni milli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň 19-njy fewralynda garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilenine dogry 20 ýyl dolýar.

Turkmenistanyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda öz garaşsyzlygyny yglan etmeginiň yzýany onuň Döwlet baýdagynyň-da dessine döredilendigine garamazdan, nämüçindir Döwlet baýdagynyň gününi 19-njy fewralda bellemeklik karar edildi.

Käbir synçylar Döwlet baýdagynyň gününi 19-njy fewralda bellemeli edilmegini şol günüň ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan günüdigi bilen düşündirýärler.

Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Döwlet baýdagynyň güni bellenende, ýurduň baýdagyna däl-de, prezidentiň öz doglan gününe has uly ähmiýet berilýändigi aýdylyp, bu ýagdaý yzygiderli tankyt edilip gelnipdi.

"Soňky ýyllar bu baýramçylyk gününde Nyýazowyň doglan gününiň ähmiýetiniň edil ozalkylary ýaly derejede ýokary göterilmeýändigi bellenilýär".
"Soňky ýyllar bu baýramçylyk gününde Nyýazowyň doglan gününiň ähmiýetiniň edil ozalkylary ýaly derejede ýokary göterilmeýändigi bellenilýär".
Käbir ýerli raýatlar we daşary ýurt synçylary şol ýyllarda bu baýramçylygy nobatdaky gezek Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny ýokary götermek üçin döredilen bir baýramçylyk hökmünde häsiýetlendiripdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiet başyna gelmegi bilen, Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilişinde-de käbir özgerişlikler peýda boldy. Soňky ýyllar bu baýramçylyk gününde Nyýazowyň doglan gününiň ähmiýetiniň edil ozalkylary ýaly derejede ýokary göterilmeýändigi bellenilýär.

Şenbe güni Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Baýdak baýramçylygyna bagyşlanyp ýörite konsert çäresi gurnaldy. Bu konsertde çykyş eden bagşy-sazandalaryň repertuarynda, esasan, Türkmenistanyň häzirki döwlet liderini, Watany we Döwlet baýdagyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Şeýle konsert çäreleri şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet sirkinde we Aşgabadyň “Ylham” atly seýilgähinde-de gurnaldy.
XS
SM
MD
LG