Sepleriň elýeterliligi

Ukrainaly Witaliý Kliçko çempionlyk titulyny gaýdyp aldy


Şenbe güni agşam agyr agramlyk kategoriýada boks boýunça dünýä çempiony, ukrainaly Witaliý Kliçko britaniýaly boksçy Derek Çisoradan üstün çykyp, WBC kategoriýasy boýunça özüniň çempionlyk titulyny gaýdyp aldy.

12 raundlyk bäsleşik ahyryna çenli dowam etdi we boksçylardan hiç biri öz garşydaşyna nokaut bermegi başarmady. Bäsleşigiň soňunda sudýalar Witaliý Kliçkonyň has ezber we güýçli hüjüm edendigini belläp, ony biragyzdan ýeňiji diýip yglan etdiler.

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen bu ýaryşyň öňýany gurnalan ýörite dabarada Derek Çisora Witaliý Kliçkonyň ýüzüne şarpyk çalyp we suw sepip, ony kemsitmäge çalyşdy.
XS
SM
MD
LG