Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Idlib prowinsiýasynda bir prokuror we sudýa öldürildi


Ýekşenbe güni Siriýanyň döwlet habar agentligi ýurduň Idlib prowinsiýasynda bu prowinsiýanyň prokurorynyň we sudýasynyň atylyp öldürilendigini habar berdi.

SANA habar agentliginiň maglumatyna görä, ýekşenbe güni irden Idlib prowinsiýasynyň prokurory Nidal Gazal bilen sudýa Mohammed Ziýadehiň bile münüp barýan ulagyna näbelli ýaragly adamlar hüjüm edip, olary atyp öldüripdirler.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Jai Ýung Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gepleşik geçirdi.

Şol gepleşigiň yzy bilenem, Hytaý Siriýadaky krizisi çözmek boýunça Arap Ligasynyň öňe süren planlaryny goldaýandygyny nygtap, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG