Sepleriň elýeterliligi

Bagdadyň Polisiýa Akademiýasynyň öňünde partlama boldy


Ýekşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda, täze işe alnan polisiýa işgärleriniň üýşen ýerinde amala aşyrylan partlamada 15 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Ýerli resmiler bu partlamanyň ýurduň Içeri işler ministrliginiň golaýyndaky Polisiýa Akademiýasynyň öňüne täze işe alnan polisiýa işgärleriniň çykan wagty ýüz berendigini aýdýarlar.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG