Sepleriň elýeterliligi

Latwiýadaky referendumda rus dilini goldanlar az boldy


Latwiýada rus dilini ikinji döwlet dili etmelimi ýa etmeli däldigi baradaky mesele boýunça şenbe güni geçirilen referendumda rus dilini goldanlar az boldy.

Latwiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatyna görä, ses bermäge gatnaşan raýatlaryň 78 prosentine golaýy rus diline ikinji döwlet dili statusynyň berilmegine garşy ses beripdir.

Bu referendumyň öňýany Latwiýanyň köp hökümet resmilerem rus diline garşy ses bermäge çagyryş edipdiler. Latwiýada etniki ruslar Latwiýanyň ilatynyň üçden bir bölegine golaýyny ybarat edýär.
XS
SM
MD
LG